Halkara kosmetologiýa we estetika komiteti her ýyl 9-njy sentýabrda bellenilýän Halkara gözellik gününi döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu gurama 1946-njy ýylda Brýusselde döredildi we şondan bäri köp ýurtda kosmetika terapiýasy babatda hyzmatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär. XX asyr kosmetologiýa pudagynda öwrülişikler asyry boldy. Kosmetologiýa, moda, saç bejermek we şahsy ideg sungaty kämilleşdi. Täze tehnologiýalar we materiallar peýda boldy. Olar bilen birlikde täze hünärler döredildi. Ilkinji gözellik bäsleşigi 1888-nji ýylyň sentýabr aýynda Belgiýada, ilkinji «Dünýä gözeli» bäsleşigi 1951-nji ýylyň aprelinde Londonda geçirildi.
Ata MELEBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
talyby.