Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­niýet meseleleri boýunça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, soň­ky 50 ýyl­da, esa­san hem, ýaşlaryň ara­syn­da so­wat­ly­lyk de­re­je­si ep-es­li ýo­kar­lan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­de 15 ýaş­dan ýo­ka­ry bo­lan adam­la­ryň so­wat­ly­ly­k derejesi 1990-njy ýyl­da 74 gö­te­ri­me, 2000-nji ýyl­da 81 gö­te­ri­me, 2010-njy ýyl­da 84 gö­te­ri­me we 2020-nji ýyl­da 87 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.
Tu­tuş dün­ýä­de so­wat­ly­ly­gy art­dyr­mak ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je ber­me­gi üçin her ýy­lyň 8-nji sent­ýab­rynda Bü­tin­dün­ýä so­wat­ly­lyk gü­ni bel­le­nil­ýär. Bu bel­li se­ne ÝU­NES­KO-nyň baş­lan­gy­jy bi­len 1967-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Şol gün jem­gy­ýet­le­riň so­wat­ly­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­mak we bu me­se­le­dä­ki ha­bar­dar­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dür­li çä­re­ler gu­ral­ýar.

Ar­zuw SUM­MA­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň
ta­ly­by.