Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ams­ter­dam şä­he­ri­niň gün­ba­ta­ryn­da­ky Har­lem şä­he­rin­de jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­ri­nde eti ma­ha­bat­lan­dyr­mak ga­da­gan edil­di. 160 müň ilat­ly bu şä­her­de 2024-nji ýyl­dan baş­lap, et önüm­le­ri­ni ma­ha­bat­lan­dyr­ma­ga rug­sat be­ril­me­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, azyk önüm­çi­li­gi Ýer şa­ry­nyň ha­pa­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Et önüm­çi­li­gi bol­sa, bu gör­ke­zi­ji­­ni 2 es­se art­dyr­ýar. Kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­dir­ýän to­kaý­lar haý­wan­la­ryň öri meý­dan­la­ry üçin peý­da­la­nyl­ýar, dür­li iým­le­ri ön­dür­mek üçin ula­nyl­ýan mi­ne­ral dö­kün­ler bol­sa, ho­wa­ny we su­wy ha­pa­la­ýar. Şeý­le ýag­daý­la­ra ün­si çek­mek üçin et önüm­le­ri­ni ma­ha­bat­lan­dyr­ma­gy bes et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

My­rat AR­LA­NOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.