Hy­ta­ýyň Me­teo­ro­lo­gi­ýa eda­ra­synyň wekilleri ýur­duň dür­li ýer­le­rin­de aw­gust aýyn­dan bä­ri gu­rak­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin eme­li ýa­gyş ýag­dyr­mak usu­lyn­dan peý­da­lan­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­diler. Bu ba­ra­da met­bu­gat ýyg­na­gyn­da çy­kyş eden Me­teo­ro­lo­gi­ýa eda­ra­sy­nyň we­ki­li Žao Ži­si­an ho­wa gä­mi­si­niň 1-31-nji aw­gust ara­ly­gyn­da je­mi 211 sa­gat do­wam eden 75 uçu­şy ama­la aşy­ryp, Hu­beý, Çun­sin, He­nan we Şen­si ýa­ly gu­rak­ly­gyň tä­si­ri ýe­ten ýer­le­r­de eme­li ýa­gyş ýag­dy­rylan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu usul gu­rak­lyk we ys­sy ho­wa bi­len gö­reş­mek­de, suw gor­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nda we oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­nyň dur­nuk­ly bol­ma­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Tak­my­nan, 1,45 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­metr­lik meý­da­ny öz içi­ne al­ýan ýer­de ama­la aşy­ry­lan bu iş üçin me­teo­ro­lo­gik hem­ra­lar, ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny öw­ren­mä­ge ni­ýet­le­nen ra­dar­lar we uçar­man­syz ho­wa gä­mi­le­ri ýa­ly soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Şeý­le hem ys­sy ho­wa se­bäp­li ýü­ze çy­kan ýan­gyn­la­ryň sön­dü­ril­me­gi­nde hem eme­li ýa­gy­ş usulyndan peýdalanylypdyr.

Ma­ýa MI­SE­KO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.