In­do­ne­zi­ýa­nyň Pa­pua se­bi­tin­dä­ki Ra­ja-Am­pat sebiti te­bi­gy baý­lyk­la­ry we bio­dür­lü­li­gi bi­len «Dün­ýä­niň soň­ky jen­net­le­ri­niň bi­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da­ky bu se­bit ba­ra­da «CNN Travel» ne­şi­ri gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­di. Bu ýer di­ňe gu­ry ýerdäki jan­dar­la­r we ösüm­lik­le­r bi­len däl, eý­sem, su­was­ty te­bi­ga­ty bi­len hem köp­le­ri özü­ne çek­ýär. Ra­ja-Am­pa­tyň 4 mil­li­on gek­tar­lyk go­ral­ýan ýe­ri bo­lup, ol ýer­de 1500 tö­we­re­gi ada bar. Bu ýer­dä­ki de­ňiz­de giň mer­jen rif­le­ri, 1600-den gow­rak ba­lyk gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu ýer­de adam­la­ryň te­bi­ga­ta ze­per ýe­ti­rip bil­jek he­re­ket­le­ri­niň çäk­len­di­ril­me­gi bi­len te­bi­ga­tyň ze­per ýe­ten ýe­rleri gaý­ta­dan di­ke­lip baş­lap­dyr. Se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň köp bö­le­gi ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar bu ýe­riň su­was­ty dün­ýä­si­ni gör­mek üçin gel­ýär­ler.

Eziz BA­BA­NA­ZA­ROW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.