ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýarymgeçiriji senagatyny kämilleşdirmek maksady bilen 50 milliard dollarlyk maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi. Bu serişdäniň 28 milliard dollarlyk böleginiň grantlar, ýeňillikli karzlar üçin goýberiljekdigi we ýerli önümçilige goldaw bermek maksady bilen peýdalanyljakdygy mälim edildi. Häzirki nesle degişli çipleriň önümçiliginiň artdyrylmagy üçin 10 milliard dollar töweregi pul serişdesi goýberiler. Ýarymgeçiriji senagaty üçin täze innowasiýa torunyň döredilmegi we nou-hau üçin 11 milliard dollar töweregi serişde bölünip beriljekdigi mälim edildi. Bu ýeňilliklerden peýdalanmak isleýänler üçin geljek ýylyň fewralynda degişli maglumatlaryň ýaýradyljakdygy habar berildi.
Geçen aý ýurtda ýarymgeçiriji önümçiliginiň artdyrylmagy we dünýä bazaryndaky ornunyň berkidilmegi üçin goşmaça goldawlary döretmäge mümkinçilik berýän kanun güýje girizilipdi. Bu ýeňillikler bilen awtoulag senagatyndan elektron enjamlaryna çenli birnäçe ugurda peýdalanylýan çipleriň ýetmezçiliginiň öňüniň alynmagyna garaşylýar.
Selim ŞEMIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň talyby.