Koreýa Respublikasynyň ilatynyň ýaşy barada täze maglumatlar ýaýradyldy. Ýurduň statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, 65 ýaşdan ýokary raýatlar 2044-nji ýyla çenli ilatyň 36,7 göterimini emele getirer. «Yonhap» agentliginiň habarynda 2044-nji ýylda Ýaponiýada 65 ýaşdan uly raýatlaryň ilatyň 36,5 göterimini emele getirjekdigi bellenilýär. Bu bolsa, şol ýyla çenli dünýäniň ortaça ýaş boýunça iň uly ýurdunyň Koreýa Respublikasy boljakdygyny görkezýär. Maglumatlar Koreýa Respublikasynyň statistika edarasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlanypdyr. Häzirki wagtda Günorta Koreýada ýaşuly nesil ýurduň ilatynyň 17,5 göterimini emele getirýär. Bu görkeziji 2040-njy ýylda 34,4 göterim, 2070-nji ýylda 46,4 göterim bolar.
Ýaponiýada bolsa, ýaşuly nesil häzirki wagtda 29,9 göterim bolup, 2040-njy ýylda 35,2 göterime we 2070-nji ýyla çenli 38,7 göterime ýeter. ABŞ-da işe ukyply ýaşdaky nesil häzirki wagtda 64,9 göterim bolup, 2040-njy ýylda 61,5 göterim, 2070-nji ýylda 57,9 göterim boljakdygy çaklanylýar.
Şatlyk ASTANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.