Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II ara­dan çy­kan­dan soň­ra onuň og­ly Uels şa­za­da­sy Çarlz Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň tä­ze Pa­ty­şa­sy bol­dy. Oňa Pa­ty­şa Karl III di­ýip at be­ril­di. Şa ze­na­nynyň wes­ýe­ti­ne gö­rä, Ka­mil­la Şa aýa­ly ady­ny alar.
Pa­ty­şa Karl III Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň tä­ze pa­ty­şa­sy hök­mün­de er­tir res­mi taý­dan yg­lan edi­ler. Çarlz no­ýabr aýyn­da 74 ýa­şa­ýar we ol hem bri­tan tä­ji­niň iň gar­ry mi­ras­dü­şer­le­ri­niň bi­ri­dir. Uels şa­za­da­sy 3 ýa­şyn­da­ka oňa mi­ras­dü­şer­lik de­re­je­si ber­lip­di. Ol 2011-nji ýyl­da 60 ýyl­dan gow­rak tä­je ga­ra­şan mi­ras­dü­şer bol­dy.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň tä­ze pa­ty­şa­sy­ny ýö­ri­te ge­ňeş kes­git­le­ýär. Onuň dü­zü­mi­ne Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nistr­li Liz Trass, ma­li­ýe mi­nist­ri, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, içe­ri iş­ler mi­nist­ri, pa­ty­şa maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ryn­dan yba­rat bo­lan mas­la­hat be­riş or­ga­ny­nyň we­kil­le­ri, Lon­do­nyň lord-me­ri, ýo­ka­ry ko­mis­sar­lar gir­ýär.
Şa ze­na­ny­nyň ara­dan çyk­ma­gy bi­len Keýt Middl­ton we Şa­za­da Uil­ýa­myň hem at­la­ry üýt­ge­di. Mun­dan soň­ra Middl­ton şa gy­zy ady­ny alar. Hä­zi­re çen­li Kor­no­ul Ger­so­gy ady­na eýe bo­lan Şa­za­da Çarl­zyň pa­ty­şa bol­ma­gy bi­len bu at onuň og­ly Şa­za­da Uil­ýa­ma we aýa­ly Middl­to­na geç­di. Iki­si hem 40 ýaş­ly bo­lan Uil­ýam we Middl­ton şol bir wag­tyň özün­de Uels Şa­za­da­sy we Şa­gy­zy bo­lar.
Şa ze­na­nyň Ýe­li­za­we­ta­nyň dört ça­ga­sy, se­kiz ag­ty­gy we 12 çow­lu­gy bar­dy.
Şa­za­da Çarlz däp bo­ýun­ça Lon­don­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­da res­mi ýag­daý­da Pa­ty­şa yg­lan edi­ler. Tä­ze pa­ty­şa­nyň täç geý­mek da­ba­ra­sy bir ýyl­dan ge­çi­ri­ler.
Mun­dan soň­ra iň­lis se­na­sy hem üýt­ge­di­ler. Se­na­da­ky “Hu­daý Şa ze­na­ny­ny go­ra­syn”, “Hu­daý Pa­ty­şa­ny go­ra­syn söz­le­ri” sö­zi bi­len çal­şy­lar.