Türkiýäniň “Galatasaraý” topary türk klublary üçin transfer möwsüminiň soňky gününde 5 futbolçyny düzümine goşdy. Stambul şäheriniň wekili PSŽ-niň argentinaly ýyldyz hüjümçisi Mauro Ikardini 1 ýyllyk kärendesine, şol sanda “Mançester Ýunaýtedden” gaýdan ispaniýaly tejribeli ýarymgoragçy Huan Matany transfer etdi. “Galatasaraý” topary Ikardiniň 6,75 million ýewrolyk aýlygynyň 750 müň ýewrosyny tölär. 34 ýaşyndaky Mata bilenem 1+1 ýyllyk şertnama baglaşyp, oýunça-da 1,9 million ýewro berer. Bulardan başga-da “Norwiç Sitiniň” kosowoly ýarymgoragçysy Milot Raşisany 1 ýyllyk kärendesine, “Olborg” klubundan daniýaly merkezi goragçy Matias Ross Ýenseni 4 ýyllyk şertnama bilen düzümine goşdy. Ýenseniň transferi üçin 1 million 750 müň ýewro berer. Geçen möwsümiň 1-nji ýarymyny “Barselonada” kärendesine geçiren “Rapid Wieniň” futbolçysy Ýusuf Demiri 6 million ýewro transfer etdi. 19 ýaşly winger oýunçy türk kluby bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Galatasaraý” düzüminde 2 futbolçysyny Ömer Baýramy hem-de Emre Akbabany başga klublara ugratdy.