BMG-niň noýabr aýynda howanyň üýtgemegi boýunça Müsürde geçiriljek COP27 maslahatynyň öňüsyrasynda Afrika ýurtlarynyň 24-siniň Liderleri ösen ýurtlary yklymyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam bermek üçin maliýe borçnamalaryny bermäge çagyrdy.

COP27-ä taýýarlyk görmek üçin Müsüriň täze administratiw paýtagtynda geçirilen üç günlük ýygnakda 24 Afrika ýurtlarynyň ýolbaşçylary:

– Ösen ýurtlary howany üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek üçin maliýeleşdirmegi iki esse artdyrmaga çagyrýarys – diýdiler.

Afrika liderleri, pes uglerod yzlaryny göz öňünde tutup, howanyň üýtgemeginiň yklyma ýetirýän deňsiz-taýsyz täsirine ünsi çekdiler. Sebäbi ýyladyşhana gazlarynyň 4 göteriminden hem az bölegini Afrika emele getirýär. Mundan başga-da, Kongo basseýnindäki tokaýlar, Amazon bilen bilelikde, planetanyň esasy “öýkeni” hasaplanýar. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde BMG-niň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça COP27 maslahaty geçiriler. Müsür Afrikanyň adyndan COP27 maslahatyny gurnaýar. COP27 Afrika liderleriniň täsiriniň artmagyny, Afrikanyň ekologiki taýdan dikeldilmegine has köp halkara goldawyny ýygnamagy maksat edinýär. Şeýle hem, bu çäre ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen yza galan ýurtlary maliýeleşdirmegi göz öňünde tutar.