Alymlaryň aýdyşy ýaly, belli bir reňkdäki gök önümler we miweler aýratynlykda däl-de, bilelikde iýilse has peýdaly bolýar. Bedeniň işleýşiniň kadaly bolmagy üçin deňagramly iýmitlenmek maslahat berilýär. Dürli görnüşli miwedir gök önümler diňe olaryň ýetişýän wagtyna ýa-da görnüşine görä däl, reňkine görä-de tapawutlanýar. Eýsem, haýsy reňkli gök önüm nämä peýdalyka?
Sary we mämişi
Bu reňkdäki miweler we gök önümler immuniteti güýçlendirýän, derini owadanlaşdyrýan we görüşi ýokarlandyrýan beta-karotene baýdyr. Şeýle miwelerde C witamini köp bolup, ýüregiň kadaly işleýşine-de ýardam edýär. Şonuň üçin iýmit sanawyňyza kädi, mekgejöwen, sitrus miweleri, gawun, erik, käşir we sary burçlary goşup bilersiňiz.
Gyzyl
Bu topardaky gök önümlerdir miweler bedende holesteriniň derejesini azaltmaga kömek edýär we garramaga garşy göreşýär. Mundan başga-da, gyzyl miweleri iýmitde ulanmak, düwnük keseliniň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýle hem ýüregiň işini kadalaşdyrýar. Gyzyl miweler bedeni günüň dowamynda energiýa bilen üpjün edýär. Bu reňk toparyna ýertudana, nar, ülje, pomidor we gyzyl alma ýaly önümler degişlidir.
Ýaşyl
Ýaşyl miweleriň ählisinde gemoglobine meňzeýän pigment hlorofilleri bar. Bu reňkdäki miweleriň iýmit siňdirişine, görüşi gowulandyrmaga nepi degýär. Gök otlar, brokkoli, kelem, ýaşyl alma, ysmanak, hyýar we kiwi şolaryň käbirleridir.
Gök we gyzyl
Gök we gyzyl miweler bedeniň garramagyny gijikdirip bilýän güýçli antioksidantlardyr. Şeýle miweler we gök önümler aladany aýyrýar, bedene dynç berýär, adamyň ruhy ýagdaýyny gowulaşdyrýar. Bu reňk toparynda iň peýdalylary: erik, smorodina, üzüm we gyzyl kelem. Bu tagamly önümler diňe saglyga peýdaly bolman saçaklaryňyzy hem bezär. Dogry iýmitleniň, sagdyn boluň!
Aýjemal Orazowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby