9-njy awgustda Keniýada geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan William Ruto ýurduň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. 55 ýaşly Ruto wezipe möhleti tamamlanan Prezident Uhuru Kenýattanyň orunbasary bolup işleýärdi. Kasam kabul edişlik dabarasynda eden çykyşynda Prezident Ruto raýatlara amatly şertlerde karz berilmegi we ýurduň demirgazygynda ýüze çykan guraklyk bilen göreşmäge goldaw berjekdigini aýtdy. Ruto ähli keniýalylaryň oňat durmuşda ýaşamagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny wada berdi.