Soňky ýyllarda uzak aralykdan geçirilýän okuwlaryň, maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň sany barha artdy. Şeýle bolansoň, muňa degişli tehnologiýalar hem kämilleşdir. Ýankompýuterleriň özüne oturdylan ýa-da el telefonlarynyň kameralary wideojaňlary etmekde giňden ulanylýar. Emma bu enjamlaryň sensorlary ýeterlik derejede dury şekili geçirip bilmeýär. Täze tanyşdyrylan “Omnivison OV08X” atly täze sensor ýankompýuterlerde 4K 30fps wideo geçirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýankompýuterlerde iň ýokary “Full HD” ýa-da HD kameralar ulanylýar. “Omnivison OV08X CMOS” sensory bolsa, 9,2MP durulygynda bolup, “1/5.7” dýuým formatda 4K 30fps durulygyny goldaýar.

Aýgül Aşyrowa,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby