Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanyň Samarkant şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― «Lia! by Minyoun Stars of Ulugbek» myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky pikir alyşmalara giň orun berildi. Biziň ýurdumyzyň bu abraýly düzümiň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna Türkmenistana, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyza goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň ŞHG-niň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda jikme-jik durup geçdi. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, energetika ulgamyny görkezmek bolar. Şunda hormatly Prezidentimiz ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge mümkinçilik berýän Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, telekeçilik işiniň hem Türkmenistanyň bu guramanyň çäklerinde ileri tutýan ugurlarydygyny nygtap, ýurdumyzyň olar boýunça iri möçberli taslamalaryň, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gepleşiklere taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň dowamynda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürüp, ŞHG-niň Sekretariatynyň olary iş ýüzünde amal etmegiň mümkinçiliklerini öwrenjekdigine ynam bildirdi.