Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren duşuşygy saparyň birinji gününiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemini jemledi.
Samarkantdaky Kongres merkezinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna Türkmenistana, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyza goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu düzümiň abraýly halkara guramalaryň hatarynda wajyp orny eýeleýändigini belledi.
Taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ŞHG-niň ähli agza döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleler nobatdaky ýokary derejeli gepleşikleriň esasyny düzdi.