Dünýäde ýokary tehnologiýaly çipleriň öndürilýän ýerleriniň biri bolan Taiwan bu pudakdan ýokary girdejä garaşýar. Elektron enjamlaryň ählisinde diýen ýaly ulanylýan ýarymgeçirijiler 2022-nji ýylda Taiwana 157,3 milliard dollar girdeji getirer. CNA agentliginiň habaryna görä, SEMI halkara çip senagaty kompaniýasynyň Taiwandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Terri Sao şu ýyl bu pudakdaky maýa goýumlarynyň 42,1 göterim artyp, 48,03 milliard dollara ýetjekdigini belledi. Taýbeý şäherinde çip senagatyna bagyşlanan halkara sergi (SEMICON) geçirildi. Bu ýerde çykyş eden Sao global çip senagatyndaky pul dolanyşygynyň 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 12 göterim artyp, 625 milliard dollara ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy. Ýarymgeçirijiler kompýuter, smartfon, uçar, elektroulag ýaly ýüzlerçe görnüşli enjamda ulanylýar. Ýer ýüzünde mikroçipleriň üçden ikisinden gowragy Taiwandaky zawodlarda öndürilýär. Taiwanyň TSMC kompaniýasy dünýädäki ýarymgeçirijiniň 56 göterimini öndürýär.
Döwletgeldi ALLANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.