14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym Gwi-Ýop Son bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ýokary derejede häsiýetlendirdiler. 2030-njy ýyla çenli meýilnamany we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem R.Meredow Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdesinde Bilim ulgamyny üýtgetmek sammitiniň geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hilli bilime deň elýeterliligi üpjün etmek ugrunda işleýändigi we bu sammite taýýarlyk görmek üçin ýakyn wagtda milli geňeşmeleri başlamagy meýilleşdirýändigi nygtaldy.

Diplomatlar häzirki we geljekdäki taslamalary gözden geçirdiler we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň birnäçe kararlary öz içine alýan energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar babatynda Döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda teklip edilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we saglygy goraýyş ulgamy boýunça BMG bilen aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bagly pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy durmuş üpjünçilik ugry boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi. Taraplar bu maksatlara ýetmek üçin işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.