Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dar düzümdäki sammiti Özbegistanyň Samarkant şäherinde öz işine başlady. Anna güni irden ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylary çärelere geldiler. Olary Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy. Döwlet Baştutanlary surata düşüriş dabarasyna gatnaşdylar.
Gün tertibine dürli meseleler girýär. Esasy üns, dünýäde bolup geçýän global özgerişler kontekstinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegine, ŞHG-ni täze geosyýasy hakykatlara uýgunlaşdyrmak, guramanyň işini döwrebaplaşdyrmak, howpsuzlyk mehanizmlerini ösdürmek, daşary syýasaty utgaşdyrmagy güýçlendirmek we ykdysadyýet pudagynda bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselesine gönükdiriler. Dar düzümdäki maslahatdan soň giňeldilen sessiýa geçiriler. Sammitiň netijesinde ŞHG-niň Samarkand Jarnamasyna gol çekiler.