Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde ŞHG-ni 2040-njy ýyla çenli ösdürmek strategiýasyny kabul etmegi teklip etdi.
-Halkara tejribelerini göz öňünde tutup, 2040-njy ýyla çenli ösüş strategiýasyny taýýarlap bileris. Şawkat Mirziýoýew bu maksatnamaly resminama köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ähli ugurlaryny öz içine almalydyr – diýdi. Onuň sözlerine görä, bu resminama Şanhaý ruhunyň ýörelgelerine esaslanýan jebisligi, özara goldawy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin guramanyň esasy wezipeleri çözmäge kömek eder. Bu ŞHG-niň sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmegiň ýeke-täk usulydyr – diýip, Mirziýoýew sözüniň üstüne goşdy.