Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkantda geçirilýän sammitiň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň howanyň üýtgemegine garşy göreş barada bilelikdäki beýannamany kabul etjekdigini aýtdy.

-Mirziýoýew sammitde eden çykyşynda – Daşky gurşawyň gün tertibiniň meselesi aýratyn ähmiýete eýe. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek barada bilelikdäki beýannama kabul etmek bilen ŞHG bu töwekgelçiliklere we kynçylyklara garşy göreşmekde raýdaşlygy görkezýär – diýip belledi. Özbegistanyň Prezidenti bu möhüm ugurda hemmämiz üçin amaly hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini we formatlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. – Syýasatçylarymyzy we jemgyýetçilik işgärlerimizi, alymlary, bilermenleri, daşky gurşawy goraýjylary, işewür wekilleri birleşdirip biljek ŞHG-niň Howa Geňeşini döretmegi teklip edýäris. Şeýle format hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrar, howa uýgunlaşmak boýunça taslamalary ösdürer, ýerleriň zaýalanmagynyň güýçlenmegine garşy göreşer – diýip belledi.