Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň gije-gündizde degişlilikde, 3,1 million barrel hem-de 2,7 million barrel derejede ösjekdigini çaklady. Bu barada guramanyň nobatdaky aýlyk hasabatynda aýdylýar.

“Ählumumy ykdysady ösüş nebite islegiň 2022-nji ýylda gije-gündizde 3,1 million barrel we 2023-nji ýylda gije-gündizde 2,7 million barrele çenli ösmegine alyp barar. Netijede, dünýäniň nebite bolan islegi gije-gündizde 102,7 million barrele deň bolup, bu COVID-19 pandemiýasyna çenli döwürdäkiden ýokary bolar” diýlip, beýanatda aýdylýar. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite bolan islegiň ösüşi dünýäniň syýahatçylyk bazarlaryndaky dikeliş we ulag işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolar. Şol bir wagtyň özünde Demirgazyk we Latyn Amerikasy ýurtlary global çig mala gyzyklanmasynyň ýokarlanmagynyň esasy hereketlendirijisine öwrüler.