Ýolagçylara arzan bahaly hyzmaty hödürleýän “Wizz Air” kompaniýasy täze 75 sany “Airbus” uçaryny satyn alar. Ýewropanyň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan “Wizz Air” 2030-njy ýyla çenli awiaparkyndaky uçarlarynyň sanyny 500-e ýetimegi maksat edinýär. Häzirki wagtda satyn alynmagy üçin ylalaşylan “A321neo” uçarlary 2025-2027-nji ýyllar aralygynda kompaniýa gowşurylar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Jozsef Waradi “Airbus A321neo” uçarlarynyň satyn alynmagy bilen 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän kömürturşy gazyny 25 göterime çenli azaltmagy maksat edinýändiklerini aýtdy. Wenger kompaniýasynyň häzirki wagtda 150 uçary bar. Kompaniýanyň uçarlary dünýäniň 160-dan gowrak aeroportyna howa gatnawlaryny amala aşyrýar.

Güljan Öwezberdiýewa,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby