Soňky ýyllarda diňe ýerde ýöreýän ulaglaryň däl, eýsem gämileriň we uçarlaryň hem elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleri peýda bolup başlady. Kanadanyň “Heart Aerospace” kompaniýasy täze elektrouçaryny tanyşdyrdy. Uçaryň ilkinji nusgasy “Heart Aerospace ES-19” geçen ýyl tanyşdyrylypdy. Indi bolsa kompaniýa “ES-30” atly täze uçary taýýar etdi. Gysga aralyga uçmaga niýetlen howa gämisi 30 orunlyk bolup, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Täze uçaryň dört sany motory bolup, 200 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji uçar üçin az hem bolsa, geljekde tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi arkaly köpeldilmegi göz öňünde tutulýar. Uçaryň uçýan aralygyny artdyrmak üçin adaty ýangyçly ikinji hereketlendirijiniň oturdylmagy bilen gibrid görnüşiniň hem öndürilmegi göz öňünde tutulýar. Bu bolsa 800 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berer. Uzak aralyga gidýän diňe elektrik energiýasy bilen işleýän uçaryň öndürilmegi üçin has ösen batareýa tehnologiýasyna zerurlyk duýulandygy mälim edildi. Kompaniýanyň wekilleri 2030-njy ýylda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän, 400 kilometr ýol geçip bilýän uçary öndürmegi maksat edinýärler.

1100 metrlik uçuş-gonuş zolagyndan howa göterilip biljek täze uçaryň batareýasynyň 30 minutda zarýad alýandygy we 2028-nji ýyldan başlap söwda maksatly satuwynyň ýola goýuljakdygy aýdylýar.

Aýnur Kurbanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby