Kos­mos gi­ňiş­li­gin­de bir ge­zek­de iň köp wagt ge­çi­ren Wa­le­riý Pol­ýa­kow 80 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Pol­ýa­ko­wyň ama­la aşy­ran iş­le­ri adam­za­dyň kos­mos­da nä­çe­räk wagt ge­çi­rip bil­jek­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ma­gyn­da gal­ýar. Pol­ýa­kow 1994-1995-nji ýyl­lar­da Rus­si­ýa­nyň “Mir” kos­mos stan­si­ýa­syn­da 437 gün bol­dy. Kos­mo­nawt adam­la­ryň Mar­sa uzak wagt­ly­gy­na gi­den­le­rin­de ru­hy sag­ly­gy­ny go­rap bil­jek­dik­le­ri­ne ýa-da bil­me­jek­dik­le­ri­ne dü­şün­mek üçin dür­li yl­my bar­lag­lar ge­çir­di. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar kos­mos­da 14 aý bol­ma­gyň ada­myň ze­hi­ni­ne hiç hi­li zy­ýan ýe­tir­me­jek­di­gi­ni gör­kez­di. So­wet So­ýu­zy­nyň gah­ry­ma­ny bo­lan Pol­ýa­kow baş­ga-da bir­nä­çe sy­lag­la­ry my­na­syp bo­lup­dy.
1942-nji ýyl­da Mosk­wa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Tu­la­da dün­ýä inen Pol­ýa­kow, Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Bio­me­di­kal me­se­le­ler ins­ti­tu­tyn­da il­ki dok­tor, soň­ra bol­sa kos­mo­nawt bol­dy. Kos­mo­naw­tyň il­kin­ji uçu­şy 1988-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da ama­la aşy­ry­lyp, Ýe­riň or­bi­ta­syn­da se­kiz aý ge­çir­di. Şon­dan al­ty ýyl­dan soň­ra – 1994-nji ýy­lyň 8-nji few­ra­lyn­dan 1995-nji ýy­lyň 22-nji mar­ty­na çen­li “Mir” kos­mos stan­si­ýa­syn­da bo­lup, hä­zi­re çen­li tä­ze­len­me­dik re­kor­dy­ny goý­dy. Ol Ýe­riň da­şyn­dan 7 müň­den köp ge­zek aý­lan­dy. Pol­ýa­kow ge­çen ýo­lu­nyň Mar­sa gi­dip, yzy­ňa ge­len ýa­ly ara­lyk­dy­gy­ny aý­dyp­dy.
“Mir” kos­mos stan­si­ýa­sy 1986-njy ýyl­da kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Ag­ra­my 135 ton­na ba­ra­bar bo­lan stan­si­ýa­dan peý­da­lan­mak­da amerikan ast­ro­nawt­lar bi­len hem hyz­mat­daş­lyk edil­di. 2001-nji ýy­la çen­li ula­ny­lan stan­si­ýa adam­la­ryň kos­mos­da nä­hi­li iş­le­jek­dik­le­ri­ni we ýa­şa­jak­dyk­la­ry­ny öw­ren­mek­de uly tej­ri­be top­la­ma­ga ýar­dam et­di.