Mars planetasyny öwrenmek üçin 2018-nji ýylda uçurylan “InSight” enjamy şu ýylyň iýul aýynda birnäçe ýer titremesini kesgitläpdi. Bu gezek enjam Marsa düşen meteoritleriň döreden seýsmiki we akustiki tolkunlaryny ýazga almagy başardy. Ses ýazgysyny internet arkaly diňlemäge mümkinçilik döredildi. Bu barada “Science et Avenir” žurnaly habar berýär.
Tuluza ýokary awiasiýa we kosmos institutynyň ylmy işgäri Rafael Garsiýa enjamyň kraterleriň ýerlerini hem tapandygyny mälim etdi.
Astronomlar Marsy has giňişleýin öwrenmek maksady bilen bu planetadaky yranmalary hem öwrenmek isleýär.
Meteoritler Marsyň atmosferasyna girenlerinde ýanyp başlaýar. Ýanan asman jisimleri pytrap, köp bölegi ýok bolýar. Doly ýanyp gutarmadyk bölekleri bolsa planetanyň ýüzüne gaçýar. Bu daşlar bolsa, seýsmiki tolkun döredýär.
Maksat TAGANOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby