Momordika (“Momordica charantia”) ýa-da başgaça hytaý ajy gawuny – kädiler maşgalasyna degişli bolan otjumak ösümlikdir. Momordika sözi latynça “dişlenen” diýmegi aňladýar. Ýagny, onuň ýapraklarynyň gyrasy dişlenen ýaly görünýär. Onuň miweleri hyýara meňzeş we daşy hyrly bolýar. Bişmedik miweleri ýaşyl, bişensoň ol açyk mämişi reňke boýalýar. Onuň miwesiniň içinde naryňky ýaly ownuk däneler bar. Ony gyssaň gyzyl suw çykýar.
Momordikanyň miwesiniň ýumşak etli ýeri hyýaryň tagamyny berýär. Miwe bişip başlamagy bilen mämişi reňke geçip, etlek ýeri ajymtyk tagam berip başlaýar. Soňra miwe bişip ýarylansoň onuň içindäki däneleri süýjeýär. Miwäniň etli bölegi we tohumlary Aziýa aşhanasynda giňden peýdalanylýar.
Bu miwe tropiki sebitlerde bitýär. Häzirki wagtda Hindistanda, Hytaýda, Afrikada, Günorta Amerikada ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ösümligiň hemme bölegi ýagny, ýapragy, baldagy, miwesi peýdaly hasaplanýar. Onuň miwesi lukmançylykda hem ulanylýar.
Hytaý lukmançylygynda aşgazan-içege ýollarynda döreýän keselleri bejermekde ulanylýar.
Günorta Amerikada momordika miwesiniň kömegi bilen sowuklama, gepatit we parazitleriň döredýän keselleriden goranmak maksady bilen ulanylýar.
Hindistanda bu ösümlik bedeniň ýylan çakan ýerine ýapgy esasda we çiş kesellerine garşy ulanylýar. Bulardan başga-da, momordika miwesi ganda şeker we holesteriniň mukdaryny peseldýär, insuliniň bölünip çykmagyny kadalaşdyrýar, onkologik keselleriň öňüni alýar.
Orazbaýewa Maral,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy