Italiýanyň milli statistika instituty (ISTAT) ýurduň ilaty barada täze maglumat ýaýratdy. Maglumatlara görä, geçen ýylyň başynda 59,2 million bolan ilat 2030-njy ýyla çenli 57,9 milliona, 2050-nji ýyla çenli 54,2 milliona çenli azalar. Ýurduň ilatynyň 2070-nji ýyla çenli 47,7 milliona çenli azaljakdygy çaklanylýar. Şeýlelikde, Italiýanyň ilaty 50 ýylyň dowamynda jemi 11,5 million azalar. Maglumatda maşgala sanynyň artjakdygy, emma çagaly maşgalalaryň sanynyň azaljakdygy mälim edildi. ISTAT 2041-nji ýyla çenli her 4 jübütden diňe 1-iniň çagaly boljakdygyny çaklaýar. Maglumatda her 5 şäheriň 4-siniň ilatynyň azaljakdygy bellenilýär.
Ýeri gelende, ýurtda 25-nji sentýabrda ählumumy saýlawlar geçiriler. Aşa sagçy Italiýanyň doganlary partiýasynyň (FdI) başlygy Giorgia Meloni kampaniýa döwründe ýurduň esasy meselesiniň ilatyň azalmagydygyna ünsi çekip, häkimiýete gelen ýagdaýynda, maşgalalaryň esasy üns merkezinde boljakdygyny mälim edipdi. Bilermenler bu partiýanyň saýlawda uly üstünlik gazanjakdygyny belleýärler.