Hin­dis­ta­na se­kiz sa­ny ge­çi­gap­laň ge­ti­ril­di

383

Hindistanyň Gwalior ştatyna Namibiýadan sanyny köpeltmek maksady bilen sekiz sany geçigaplaň getirildi. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýyrtyjylary Kuno milli seýilgähiniň içindäki saklanjak ýerlerine goýberdi. Hindi Lideri geçigaplaňlaryň ýurtda milli syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Geçigaplaňlar öňler ýurduň çäklerinde giňden ýaýranda bolsa, olar 1952-nji ýylda ýurtda köp awlanmagy bilen  gyrlyp gutarypdy. Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýä boýunça bu ýyrtyjylaryň 7 müň sanysy bar.