21-nji sentýabrda «Mersedes-Benz» «C» klasyna degişli sedanyň täze üýtgeşmeler girizilen üçünji nesli – «Mersedes-AMG C63»-i köpçülige hödürledi. Bu modeliň öňki iki neslinde V8 silindrli benzin hereketlendirijisi bardy, ýöne täze nesil gibrid görnüşli bolup, 4 silindrli turboly adaty ýangyçly hereketlendiriji hem-de elektrik motor bilen üpjün edilipdir. Geliň, «Mersedes-AMG C63» bilen içgin tanşalyň! Doly ady «Mersedes-AMG C63 S» bolan awtoulagyň elektrik turbo motory tizligini sagatda 250 kilometre ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ulag 0-100 kilometr tizlige 3,4 sekuntda ýetýär. «C63 S» beýleki AMG-lerden diňe bir elektrik turbo motory, uzyn bolmagy hem-de ösen aerodinamiki  korpusy bilen däl, agyrlygy bilen hem tapawutlanýar. Ulagyň agramy 2111 kilograma deň. «Mersedes-AMG C63» «Mersedes-AMG» zawodynda ýygnalyp, 2023-nji ýylyň başyna Germaniýada satuwa çykarylar.