Halkara Energiýa Agentliginiň maglumatlaryna görä, elektroulag satuwynda şu ýyl rekord goýulmagyna garaşylýar. Şeýle hem agentlik 2050-nji ýyla çenli “nol uglerod” maksadyna ýeňilmegi üçin awtoulag senagaty bilen bir hatarda beýleki pudaklarda hem öňegidişlikleriň bolmalydygyny mälim etdi. Maglumatlara görä, geçen ýyl elektroulag satuwy 2021-nji ýylda iki esse artyp, ähli awtoulag satuwynyň 9 göterimini emele getiripdir. 2022-nji ýylda bolsa, bu görkezijiniň rekord goýup 13 göterime ýetmegine garaşylýar. Şeýlelikde, dünýäde satulýan her on ulagdan birinden gowragy elektrik energiýasy bilen işleýän ulag bolar.

2021-nji ýylda dünýäde 6,6 million sany elektroulag satylypdyr. Şu ýylyň birinji çärýeginde bolsa, elektroulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 75 göterim artyp, 2 milliona ýetipdir.

Salyh Berdiýew,Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby