Hal­ka­ra gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa agent­li­gi­niň (IRE­NA) hem-de Hal­ka­ra zäh­met gu­ra­ma­sy­nyň (ILO) bi­le­lik­de taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da “ýa­şyl” ener­gi­ýa pu­da­gyn­da goş­ma­ça 700 müň tä­ze iş or­nu­nyň dö­re­di­len­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, glo­bal de­re­je­de bu pu­dak­da iş­le­ýän­le­riň sa­ny 12,7 mil­lio­na ýe­tip­dir. Mag­lu­mat­da 2030-njy ýy­la çen­li ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri pu­da­gyn­da iş­le­ýän­le­riň sa­ny­nyň 38 mil­lio­na ýet­jek­di­gi mä­lim edil­di. “Ýa­şyl” ener­gi­ýa­da iň köp ar­ty­şyň Gün ener­gi­ýa­syn­da ha­sa­ba al­nan­dy­gy mä­lim edil­di. Dün­ýä­de al­ter­na­tiw ener­gi­ýa pu­da­gyn­da iş­le­ýän 12,7 mil­li­on ada­myň üç­den bi­ri­ne ba­ra­bar bo­lan 4,3 mil­li­on ada­myň bu pu­dak se­bäp­li ýü­ze çy­kan iş­ler­de iş­le­ýän­di­gi mä­lim edil­di.
Bu pu­dak­da iş­le­ýän­le­riň üç­den iki bö­le­gi­niň Azi­ýa ýurt­la­ryn­da­dy­gy aý­dyl­dy. Iş orun­la­ry­nyň 42 gö­te­ri­mi di­ňe Hy­taý­da dö­re­di­lip­dir. Iş orun­la­ry­nyň 10 gö­te­ri­mi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we Bra­zi­li­ýa­nyň, 7 gö­te­ri­mi ABŞ-nyň we Hin­dis­ta­nyň pa­ýy­na düş­ýär.


Re­sul Al­la­dur­dy­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by