25-nji sentýabrda Italiýada parlament saýlawlary – deputatlar palatasyna we senata saýlawlar geçirildi. Ekzitpoluň maglumatlaryna görä, merkezi sagçy koalisiýa 41-45% ses alyp, parlamentiň iki palatasynda-da köplüge eýe boldy.
Maglumatlara görä, merkezi sag koalisiýa 41-45%, merkezi çep koalisiýa – 25,5-29,5%, “5 ýyldyz hereketi” 13,5% -17,5% sese eýe boldy. Galan syýasy güýçler bolsa, 10%-den hem az sese eýe boldy.
Italiýanyň ultra sagçy “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň lideri Jorja Meloni ýurduň indiki Premýer-ministri bolmagy ähtimal. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda, Jorja Italiýa hökümetiniň başlygy wezipesini eýelän ilkinji zenan bolar.
Saýlawlar ilkibaşda 2023-nji ýylyň ýazynda meýilleşdirilipdi. Ýöne iýul aýynda Premýer-ministr Mario Draginiň işinden çekilmegi hem-de çep, sag we merkezi partiýalary öz içine alýan koalisiýa hökümeti dargandan soň ýurtda nobatdan daşary umumy saýlawlary geçirmek meýilleşdirildi. Resmi netijeler şu gün belli bolar.