Her ýylyň 25-nji sentýabrynda Bütindünýä farmasewtler güni bellenilýär. Bu sene derman önümlerini öndürmegi,
gözlegi, hil gözegçiligini we amatly saklanyş şertlerini üpjün edýän derman öndürijileri, farmasewt hünärmenleriniň
ählisi üçin hünär baýramçylygydyr. Baýramçylyk senesi, Halkara farmasewtika federasiýasynyň (HFF) döredilen gününe – derman senagatynyň, ylymlaryň we senagatyň bähbitlerine wekilçilik edýän we goraýan bütindünýä guramasyna bagyşlanýar. 1912-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda, Türkiýede geçirilen Bütindünýä farmasiýa we farmasewtika ylymlarynyň kongresiniň işinde bu gurama döredildi we bu senäniň hormatyna, 2009-njy ýylda, HFF Geňeşi bu gurama girýän ähli ýurtlarda her ýyl bu baýramçylygy bellemek üçin çagyryp başlady. Şondan bäri her ýyl bu hünärmenleriň işiniň ähmiýetine jemgyýetiň ünsüni çekmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, abraýyny ýokarlandyrmak we bu hünärleri wagyz etmek üçin geçirilýär. Bütindünýä farmasewtleriň gününi bellemek üçin HFF-da wekilçilik edildi. Halkara farmasewtika federasiýasy 3 milliondan gowrak derman senagatynyň hünärmenlerini özüne birikdirýär. Oňa 146 sany ýöriteleşdirilen gurama girýär we goşmaça 4 müňe golaý agza bu işe gatnaşýar. Ýeri gelende aýtsak, derman senagaty diňe bir dermanhana zynjyrlary arkaly derman satmak bilen çäklenmän, eýsem derman serişdelerini öndürmek üçin merkezler ulgamy, kliniki barlaglar, hil gözegçiligi, derman saklaýan kärhanalar we ammarlar ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Farmasewtiň wezipesi lukmanyň wezipesi bilen birlikde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ähli dillerde “dermanhana” düşünjesi (grekçe “apotheke” – ammar) derman serişdelerini, hassalara ideg we sanitariýa – gorag serişdelerini taýýarlaýan we olary saklaýan edarany aňladýar. Ilkinji dermanhanalara b. e. öň. 400-nji ýyllarda Gippokratyň döwründe duş gelinýär. Ýewropadaky ilkinji dermanhanalar XII asyrda monastyrlarda peýda bolupdyr. Monahlar derman taýýarlap, mätäçlere mugt paýlapdyrlar. Bir asyrdan soň, Wenesiýada ilkinji şäher dermanhanalary açylyp başlandy.
Begnazar ALLANAZAROW,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby