Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümlerini, float list aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 558 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 161 müň manatlyk bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 11 million 938 müň manatlyk bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.