BMG-niň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy (UNW­TO) şu ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­a de­giş­li mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­dy. De­giş­li dö­wür­de ja­han­keş­de­le­riň hal­ka­ra gat­na­wy 2021-nji ýyl­da­ky­dan üç es­sä go­laý ar­typ­dyr. Şeý­le-de bol­sa, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky ýag­da­ýyň 57 gö­te­ri­mi­ne ýe­tip­dir. 2021-nji ýy­lyň ýe­di aýyn­da 175 mil­li­on sy­ýa­hat­çy hal­ka­ra uçu­şa gat­na­şan bol­sa, şu ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 474 mil­li­on bo­lup­dyr. Sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­mi­niň iň gyz­ga­laň­ly döw­ri bo­lan iýun-iýul aý­la­ryn­da 207 mil­li­on ja­han­keş­de hal­ka­ra ho­wa gat­na­wyn­dan peý­da­la­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den iki es­se köp bo­lup­dyr. Mag­lu­mat­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da has köp ar­tan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Se­bit­de hal­ka­ra gat­naw­lar dört es­sä go­laý ar­typ­dyr. Bu ugur­da ikin­ji ýe­ri Ýew­ro­pa se­bi­ti eýe­läp, 190 gö­te­rim ösüş ga­za­ny­lyp­dyr. Ýy­lyň ýe­di aýyn­da Ame­ri­ka­da 103 gö­te­rim­lik ösüş ha­sa­ba al­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de, yk­ly­myň bu pu­da­gyn­da pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky ýag­da­ýyň 65 gö­te­ri­mi­ne ýe­ti­lip­dir.
Af­ri­ka­ hem uly ösüş ga­za­nan se­bit­le­riň bi­ridir. Bu ýer­de 171 gö­te­rim ösüş ga­za­ny­lyp, 2019-njy ýyl­da­ky ýag­da­ýyň 60 gö­te­ri­mi­ne ýe­ti­lip­dir.

Dür­je­mal NUR­ÝAG­DY­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.