Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi ýurduň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) goşulmagy baradaky kanuna gol çekdi.
Ondan öň, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ŞHG-niň sammitinde Eýran bu gurama goşulmak üçin şertnama gol çekdi. IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ebrahim Raisi soňky döwürde telewideniýede eden çykyşynda Eýranyň ŞHG-ä agza bolmagynyň möhüm waka we ykdysady taýdan Aziýanyň infrastrukturasy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.