Halkara kosmos bekedine zenan serkerde bellendi

154

Italiýanly zenan astronawt Samata Kristoforetti Halkara kosmos bekedineň serkerdesi boldy. Şeýlelikde, ol bu wezipe ynanylan ilkinji ýewropaly zenan boldy. Bu mynasybetli halkara beketde dabara geçirildi. Ol 68-nji ekspedisiýanyň serkerdesi boldy. Ýewropa Kosmos Agentliginiň astronawty bolan Kristoforetti 1977-nji ýylda Milanda dünýä inýär. Ol iň uzak wagtlap, yzygiderli kosmosda bolan ýewropaly zenan astronawt rekordyny (200 gün) hem elinde saklaýar. Şeýle hem ol kosmosa çykan ilkinji italýan astronawtdyr.