Käbir komponentleriň ýetmezçiligi aýratyn ýagdaýlara garamazdan, umuman alanyňda, global çip ýetmezçiligi aradan aýryldy diýip hasaplamak bolar. Bu barada “TrendForce”-iň bilermenleri belleýär. Häzirki wagtda awtoulaglar we senagat enjamlary üçin niýetlenen çiplere bolan isleg ýokary derejede bolmagynda galýar, şoňa görä, olaryň bahasy hem ýokarlanýar. Ýöne sarp ediş elektronikasy üçin eýýäm ýeterlik çipler bar, käbirleri hatda artykmaç bolup biler diýip, “3dnews.ru” saýtynda bellenýär. Ikinji çärýekde iň uly on öndürijiniň önümleriniň satuwy 33,20 milliard dollar boldy – pudagyň ösüşi öňki çärýek bilen deňeşdirilende 3,9 göterime çenli azaldy. “TrendForce”-iň çaklamalaryna görä, bu görkeziji üçünji çärýekde birneme ýokary bolar – täze “iPhone”-yň çykmagy bilen, komponent öndürijileriniň ätiýaçlyklarynyň birneme ýokarlanmagyna garaşylýar.