Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygy ýurdumyzda özüniň köp görnüşli bägülleri bilen giňden tanalýar. «Nurly meýdan» gyzyl, sary, ak, mawy, gök, gyrmyzy golland bägülleriniň onlarça görnüşini ösdürip ýetişdirýär.
Olaryň arasynda «Penny Lane», «Dolce Vita», «Avalanche», «Jumilia», «Fiesta», «Red Naomi», «Candy Avalanche», «Glow», «Peach», «Grand Peach» görnüşleri bolup, olar, esasan, hoşboý ysy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Umumy meýdany 11 müň inedördül metre barabar bolan ýyladyşhanada gülleriň ýylda 600 müň töweregi ösdürilip ýetişdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ter bägüller isleg bildirýänlere yzygiderli we bökdençsiz ýetirilýär. Gülleriň her bir görnüşi ylmy esasda öwrenilip, olara ideg işleri tebigy aýratynlyklaryna görä, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web saýty habar berýär.