Uly adron kollaýderiniň işi möhletinden iki hepde öň togtadylýar. Ýewropanyň ylmy barlag guramasynyň (CERN) bu karary, energiýa bazaryndaky çökgünlik bilen baglanyşykly.

Ylmy barlag guramanyň beýanatynda bellenmegine görä, gurama şu ýyl we indiki ýyl laboratoriýanyň energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýan zerur çäreleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Kollaýderiň işi tehniki barlaglar üçin her ýyl togtadylýar. Bu ýyl desganyň işini togtatmak iki hepde öň amala aşyrylar we geljekde tizlendiriji toplumyň işini 20% azaltmak meýilleşdirilýär.