Fransuz Alp daglaryndaky NOEMA obserwatoriýasyna 12 sany antenna oturdyldy. Indi ol demirgazyk ýarym şarda iň güýçli radioteleskopdyr. Ilkinji antennanyň açylyşyndan 8 ýyldan soň, inženerler demirgazyk ýarym şarda iň uly radio obserwatoriýasyny döretdiler. Bu ulgam uzynlygy 1,7 km bolan ýörite relsler arkaly hereket edip bilýän on iki sany 15 metrlik antennanydan ybarat. Ulgamyň dizaýnyna we gurluşygyna gatnaşan Maks Plankyň aýtmagyna görä, teleskop kwant çägine ýakyn işleýän ýokary duýgur kabul ediş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. On iki sany antennanyň ählisi bir uly radioteleskop hökmünde hereket edýär.
Gözegçilik üçin ähli antennalar kosmosyň bir sebitine gönükdirilýär, şondan soň interferometriýany ulanyp, alnan signallar superkompýuter arkaly birleşdirilýär. Şeýlelikde alnan şekilleriň durulygy uly teleskopyň durulygyna, diametri antennalaryň arasyndaky uzaklyga gabat gelýär. Ýörite işlenip düzülen demir ýol ulgamyny ulanyp, aýratyn teleskoplar 1,7 km-e çenli hereket edip bilýär. Bu tehnologiýa, aýratyn gözlegler üçin teleskopy sazlamaga mümkinçilik berýär. Işläp düzüjiler NOEMA-nyň bir wagtyň özünde köp sanly dürli molekulalaryň we atomlaryň yzlaryny anyklamaga we ölçemäge ukyply az sanly radio gözegçilik merkezleriniň biridigini belleýärler. Ol köp setirli gözegçilikler we ýokary duýgurlyk bilen ýyldyzlar giňişliginde we kosmosyň gurluş böleklerinde sowuk maddalaryň çylşyrymlylygyny öwrenip biler. Şol bir wagtyň özünde, 13 milliard ýyldan gowrak wagt bäri Ýere gelýän ýagtylygy tutmagy başarýar.
Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby