Haý­wa­nat dün­ýä­si tä­sin­lik­le­re baý bo­lup, on­da­ky jan­ly-jan­dar­la­ryň kä­bi­ri­niň özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. My­sal üçin, gö­räý­mä­ge suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň äh­li­si ýü­züp bil­ýän ýa­ly, ýö­ne mu­ny ba­şar­ma­ýan­la­ram bar. Bu­la­ryň ha­ta­ryn­da be­ge­mo­ty gör­kez­mek bo­lar.
Be­ge­mo­tyň ýü­züp bil­me­ýän­di­gi­ne ada­ty ýag­daý­da ynan­mak kyn. Se­bä­bi ol suw­da ýa­şa­ýar, ha­çan gör­seň su­wuň için­de ge­zip ýör. Ola­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­rem ýal­pak suw­lar (bat­ga­lyk) ha­sap­lan­ýar. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan be­ge­mot ha­ky­kat­dan hem ýü­züp bi­le­nok. Olar köl­de ýa-da de­ňiz­de su­wuň düý­bün­den ýö­räp gid­ýär­ler. Bir­nä­çe mi­nut­lap su­wuň aşa­gyn­da de­mi­ni sak­lap ýe­ne-de ýö­räp ke­na­ra gaý­dyp gel­ýär­ler. Kä­ha­lat­da su­wuň ýü­zü­ne çy­kyp, ýe­liň ug­ru­na akyp, ke­na­ra hem do­lan­ýan be­ge­mot­la­ryň bu he­re­ke­ti bi­ze edil ýüz­ýän ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär.
Hem gu­ry ýer­de, hem suw­da ýa­şa­ýan iň uly süý­dem­di­ri­ji­le­riň bi­ri bo­lan be­ge­mo­tyň ag­ra­my 1 ton­na­dan 4,5 ton­na çen­li ýet­ýär. Sa­gat­da 15 ki­lo­metr tiz­lik­ bi­len he­re­ket edip bil­ýän be­ge­mot­lar gün­di­zi­ne suw­da dynç alyp, gi­je­si­ne iý­mit­len­mek üçin 6 sa­gat tö­we­re­gi gu­ry ýe­re çyk­ýar­lar. Ola­ryň esa­sy iý­mi­ti ga­myş, ow­nuk bal­dak­ly ot­lar, kä­bir ösüm­lik­le­riň süý­ji kök­le­ri, mi­we­ler bo­lup, kä­wagt et hem iý­ýär­ler. Gün­de­lik iý­mit muk­da­ry 13-68 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bo­lup, iý­mi­ti çeý­ne­män, ag­zyn­da sak­lap ýum­şad­ýar­lar we ýu­wud­ýar­lar. Ola­ryň ösen ys al­şy we eşi­diş uky­by bo­lup, ki­çi­jik gu­la­gy hat­da ýe­re gaç­ýan mi­we­le­riň se­si­ni eşit­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gün­di­zi­ne suw­da ýa­şa­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri: iýen iý­mi­ti­ni siň­dir­mek we Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak­dyr.
Esa­sy me­ka­ny Af­ri­ka se­bi­ti bo­lan be­ge­mot­la­ryň iki gör­nü­şi: uly we ki­çi gör­nü­şi bar. Dün­ýä­de pil­ler­den we ak kerk­ler­den soň, iň uly üçün­ji süý­dem­di­ri­ji ha­sap­lan­ýan bu jan­dar­lar ýa­şa­ýan ýe­ri­ni berk go­rap, ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ýar­lar. Nä­ta­nyş jan­dar­la­ry öz ara­sy­na elt­me­ýän be­ge­mot­lar howp­ly ha­sap­lan­ýar.

Be­ge­mot ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar:

Be­ge­mo­tyň kel­le­si ga­ty uly bo­lup, umu­my ag­ra­my­nyň 35%-ini düz­ýär. Olar ag­zy­ny 150 de­re­je­de açyp bil­ýär­ler.
Be­ge­mot­lar gün­de 16 sa­gatlap su­wuň içinde bolýarlar, şol se­bäp­li olar der­le­me­ýärler. Şeýle-de olar su­wuň için­de uk­lap hem bil­ýär­ler.
Be­ge­mot­lar su­wuň aşa­gyn­da 5 mi­nut sak­lan­ýar­lar. 4-5 mi­nut su­wuň ýü­zü­ne dem al­mak üçin çy­kyp, ýe­ne-de su­wuň düý­bü­ne çüm­ýär­ler.
Begemotlar bir gi­je­de azyn­dan 27 ki­log­ram ot iý­ýärler.
Fi­lip­pin­le­riň Ma­ni­la haý­wa­nat ba­gyn­da sak­la­nan be­ge­mot 65 ýyl ýa­şa­dy. Be­ge­mot­la­ryň or­ta­ça öm­ri 40-50 ýyl­dyr.
Dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de be­ge­mo­tla­ra uly üns be­ril­ýär. My­sal üçin, bel­gi­ýa­ly meş­hur su­rat­keş Pi­ter Pol Ru­ben­siň «Be­ge­mot we kro­ko­dil awy» at­ly meş­hur kar­ti­na­sy bar. Be­ge­mot mult­film­ler­de hem dür­li keşp­ler­de: «Dis­ney»-iň «Fan­ta­sia» mult­fil­min­de ba­le­ri­na­nyň, «Ma­da­gas­kar» mult­fil­min­de Glo­ri­ýa­nyň, «Gýu­go we Gip­po» mult­fil­min­de Gýu­go­nyň, «Dur, ba­ka­ly!» mult­fil­min­de şä­her ýa­şaý­jy­sy­nyň keş­bin­de gör­ke­zil­ýär.