Stambul 2023-nji ýylda Türk dünýäsiniň ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi. Bu barada Türkiýäniň ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, Türk döwletleriniň ýaşlar we sport ministrleriniň VI maslahatynda aýtdy. Maslahat Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň çäginde geçirildi.

Mehmet Muharrem Kasapoglu Stambulyň Ýaşlar paýtagty diýen ady buýsanç bilen göterjekdigine ynam bildirip, bu kararyň türk dünýäsiniň ýaşlarynyň arasynda raýdaşlygy has-da güýçlendirip, hyzmatdaşlygy berkitjekdigini tassyklady.

Ýatlap geçsek, häzirki wagtda “Türk dünýäsiniň ýaşlar paýtagty 2022” adyny Özbegistanyň Buhara şäheri göterýär. Türk döwletleriniň ýaşlar we sport ministrleriniň VI maslahatynda Türkiýe döwletleri guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýew, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň sport we ýaşlar ministrleri gatnaşdy.