Hökümet koalisiýasynyň partiýalary ýeňiş gazandy

101

Çehiýa Senatynyň düzüminiň üçden bir bölegine geçirilen saýlawlarda hökümet koalisiýasynyň partiýalary ýeňiş gazandy. Ses berişligiň ikinji tapgyry şenbe güni tamamlandy. Bu barada Çeh radiosy habar berdi.

Premýer-ministr Petr Fialanyň ýolbaşçylygyndaky Raýat Demokratik partiýasy saýlawçylaryň aýratyn ynamyndan peýdalandy. Onuň wekilleri 27 oturgyçdan sekizisini aldy.

Saýlawçylar hristian demokratlaryna ýedi mandat berdiler. Üç senator başga bir partnýordan – merkezi sag TOP-09 partiýasyndan geçdi. Çeh mejlisiniň ýokarky palatasynda 81 senator bar. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda saýlawçylar 24 senator saýlamaly boldular.