1-nji oktýabrda Latwiýada geçirilen parlament saýlawlarynda häzirki Premýer-ministr Krişýanis Karinşiň dolandyryjy “Täze bitewilik” partiýasy ýeňiş gazandy. Saýlawçylaryň 18,9%-i merkezi sagçy bileleşige ses berdi. Hökümet gurmak üçin ýeňijiler beýleki güýçler bilen koalisiýa girmeli bolarlar.Ikinji orunda “Ýaşyllar bileleşigi” we “Daýhanlar bileleşigi”, üçünji ýerde “Bilelikdäki sanaw” bar. Deslapky maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşan 19 partiýadan sekiz partiýa parlamente girýär.