Her ýylyň 3-nji oktýabrynda binagärleriň hünär baýramçylygy bolan Bütindünýä binagärlik  güni bellenilýär. 1985-nji ýylda halkara binagärler birleşigi döredilip, ilkibaşda bu senäni her ýylyň 1-nji iýulynda bellemek karar edilip, 1996-njy ýylda Barselonada geçen Binagärleriň halkara birleşiginiň 20-nji assambleýasynda bu baýramy her ýylyň 3-nji oktýabrynda bellemek kabul edildi. Halkara binagärler birleşiginiň düzüminde häzirki wagtda 120-den gowrak milli bölüm bolup, ol özüne 1,3 milliona golaý dünýäniň dürli künjeklerinden binagärleri jemleýär. Dünýä ýüzünde şäherleşmegiň has hem ösmegi bilen binagärçilik ulgamyna, onuň ýeten derejesine, soňky gazananlaryna bolan isleg hem artýar.

Her ýyl däp bolşy ýaly, bu günde belli bir mowzuga bagyşlanan hünär baýramçylygynda dünýäniň binagärleri konferensiýalarda ýygnanyp, amaly işleriniň şertlerini hem netijelerini maslahatlaşýarlar, binagärlik biliminiň meselelerine seredip, özara döredijilikli pikir alyşýarlar. Bu gün dürli sergiler, köpçülikleýin çäreler, festiwallar gurnalýar. Binagärligiň halkara güni diňe bir bu ugurda zähmet çekýän adamlaryň hünär baýramçylygy bolman, eýsem binagärçilik işine bolan hormatyň, ylmyň gazananlary bilen sungatyň utgaşmasy bolup, bu hünäriň adamzadyň durmuşyndaky möhüm ornuny açyp görkezýär.

Bägül Arykowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby