Dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň laureatlary mälim edilýär. 2021-nji ýylyň Nobeliň Lukmançylyk baýragyna şwesiýaly biolog Swante Paabo mynasyp boldy. Ol bu baýraga “ýitip giden gominleriň genomlary we adam ewolýusiýasy baradaky açyşlary üçin” laýyk görüldi.

Her ýylyň oktýabr aýynyň başynda Nobel hepdeliginiň çäklerinde fiziologiýa ýa-da lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat, şeýle hem Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet baýragy boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edilýär.

Nobel baýragynyň bu ýylky eýeleri 3-10-njy oktýabr aralygynda yglan ediler. Şeýle hem Nobel gaznasy dekabr aýynda Stokgolmda geçiriljek Nobel hepdeligine şu ýylyň ýeňijileri bilen bir hatarda 2020-nji hem-de 2021-nji ýylyň laureatlaryny hem çagyrmak kararyna geldi. Geçen iki ýylyň dowamynda Nobel baýragyna mynasyp bolanlar bu baýragy ýaşaýan ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasynda alypdylar.

Nobel baýragyna mynasyp bolanlar medal bilen bir hatarda 10 million şwed krony (takmynan 1 million 145 müň dollar) pul baýragyna mynasyp bolýarlar. Adatça baýraklar dekabr aýynda Oslo şäherinde geçirilýän dabarada gowşurylýar.