Nor­we­gi­ýa­nyň “Equi­nor” kom­pa­ni­ýa­sy Pol­şa­da­ky hyz­mat­da­şy “Wen­to” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de kuw­wa­ty 58 MW bo­lan Gün ener­gi­ýa be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­dy. 65 gek­tar meý­dan­da gur­lan “Ste­pi­en” at­ly elekt­rik be­ke­di 31 müň maş­ga­la­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder. Aras­sa ener­gi­ýa ön­dür­ýän be­ket­de 100 müň­den gow­rak Gün pa­ne­li otur­dy­lyp­dyr. Tas­la­ma­nyň 18 aý­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi mä­lim edil­di.
Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Bra­ne­wo şä­he­rin­de gur­lan des­ga­da her ýyl­da 61 GW/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ler.
Kom­pa­ni­ýa al­ter­na­tiw ener­gi­ýa pu­da­gy­na uly ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýän bu ýurt­da baş­ga tas­la­ma­la­ry hem dur­mu­şa ge­çir­ýär. “Ste­pi­en” elekt­rik be­ke­di nor­weg kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ýurt­da­ky il­kin­ji tas­la­ma­sy­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň Pol­şa­da­ky dur­mu­şa ge­çir­ýän tas­la­ma­la­ry­nyň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 171 me­ga­wa­ta ba­ra­bar. Kom­pa­ni­ýa 2023-nji hem-de 2024-nji ýyl­lar­da hem tä­ze Gün pa­nel­li be­ket­le­ri­ni ulan­ma­ga be­rer. “Ste­pi­en” hä­zi­re çen­li ýurt­da işe gi­ri­zi­len iň uly be­ket­le­riň bi­ri­dir.


Ene­jan Ara­zo­wa, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by