Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda zähmetiň iň pes hakynyň kesgitlenmegi üçin kanun kabul edildi. Täze düzgüne görä, her bir agza ýurtda zähmet haky üçin belli bir derejede ýaşaýyş-durmuş   ülňüsi bolar. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi iň pes zähmet hakynyň nähili bolmalydygyny hem  belli etdi, emma onuň möçberini her ýurduň özi kesgitlär. Düzgüne görä, zähmet hakynyň ýaşaýyş üçin ýeterlik bolmagyny kesgitleýän proseduralar dörediler. Bileleşigiň käbir ýurdunda zähmetiň aýlyk iň pes derejesi kesgitlenmedik. Zähmet haky bar bolan ýurtlar bu hakyň açyk ölçeglere görä kesgitlenmegini üpjün etmeli bolarlar. Şeýle hem bu ölçeglere azyndan iki ýylda bir gezek gaýtadan serediler. Awtomat indeks usuly ulanýan ýurtlarda bolsa, bu meselä dört ýylda bir gezek garalar.

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň 21-inde iň pes aýlyk zähmet haky bar. Täze düzgün Bileleşigiň resmi gazetinde çap edilenden iki ýyldan soňra güýje girer. Daniýa, Italiýa, Kipr Respublikasy, Awstriýa, Finlýandiýa we Şwesiýa ýurtlarynda zähmet haky köpçülikleýin iş şertnamasyna gol çekilmegi esasynda kesgitlenýär.

Indira Ablýazowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby