Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyna döwletimiz tarapyndan yzygiderli üns berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar. Ýurdumyzda adamyň we raýatyň döwletimiziň Konstitusiýasynda berkidilen esasy hukuklarynyň biri hem olaryň bilim almaga bolan hukugydyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belläp geçmegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýip berkidilen hukuk kadasynda adamyň özüniň ukyplaryny we zehinlerini doly amala aşyrmagy babatdaky hukuklary dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň kanunçylyk esaslary bolan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Bilim juda bolmanda başlangyç we umumy bilim babatda mugt bolmaly. Başlangyç bilim hökmany bolmaly. Tehniki we hünärmen bilimi umumylykda elýeter bolmaly we ýokary bilim her bir adamyň ukyplary esasynda hemmeler üçin elýeter bolmaly. Bilim adamyň şahsyýetiniň doly ösmegine we adamyň hukuklaryna we esasy azatlyklaryna hormatyň artmagyna gönükdirilen bolmaly. Bilim ähli halklaryň, jynsy we dini toparlaryň arasynda özara düşünişmäge, geçirimlilige we dostluga ýardam etmeli we Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy goldamak baradaky işlerine ýardam etmeli». Ýurdumyzda adamyň we raýatyň bilim almaga bolan hukugy ençeme beýleki möhüm halkara hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.
Döwletimizde adamyň we raýatyň bilim almaga bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi adamlaryň bilime bolan hukugynyň kanuny kepilliklerini artdyrmakdan, şol hukugy amala aşyrmagy has netijeli we düýpli üpjün etmekden ybaratdyr. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Bilim almak hukugy adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydyr.
Bilim ulgamyny kadalaşdyrmagyň we bu hukugyň ähli adamlara kepillendirilmeginiň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmeginiň sebäbi ylym we medeniýet bilen birlikde bilimiň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň iň möhüm şerti bolmagyndadyr.
Ýurdumyzda okamaga, döretmäge, işlemäge ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Süleýman ÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.